aragatnaşyk belgisi (+993 61) 239100
iş sagatlary 9.30 - 18.30 (dynç güni - ýekşenbe)

e-mail: sales@miwelioba.com

Biziň önümlerimiz, esasan, “8 ÝAP” we “SABA” haryt nyşanlary bilen meşhurdyr. Biziň maksadymyz ýokary hilli miwe şirelerini, nektarlary we gazlandyrylan içgileri öndürmekden we ýerlemekden ybarat. “Miweli oba” kärhanasy umumy meýdany 40 gektara golaý bolan hususy miweli bagçylyga eýe bolup, ol ýerde ekologik taýdan arassa, dürli witaminlere we peýdaly organiki maddalara baý miweler ösdürilip ýetişdirilýär.

Önümçiligimizde diňe tebigy şertlerde öndürilen şeker, şeýle-de Germaniýa, Awstriýa, Gollandiýa, Ispaniýa, Gresiýa ýaly ýurtlardan getirilýän goşundylar ulanylýar. Goşundylaryň hili köp sanly halkara güwänamalar bilen tassyklanan. Önümler gaplanylanda hil derejesine aýratyn üns berilýär. Gaplaýyş materiallary bilen üpjün edijiler Germaniýa, Italiýa, Türkiye ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy halkara kompaniýalarydyr.

Häzirki wagtda kärhanamyzyň Türkmenistanyň içerki bazarynda tebigy şireleri we gazlandyrylan içgileri öndürmekde, ýerlemekde öňdebaryjylaryň biridigine buýsanýarys. Önümlerimiziň ýokary hil derejesi we ekologiýa standartlaryna gabat gelýänligi degişli şahadatnamalar bilen tassyklanandyr.

2020-nji ýyldan bäri kompaniýamyz eksport mümkinçiligini giňeltmek üçin işleýär. Häzirki wagtda önümlerimize Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň  we Gruziýanyň bazarlarynda uly isleg bildirilýär.

Ýerleşýän ýeri: Türkmenistan, Ahal welaýaty, Gökdepe etraby, “Köpetdag” daýhan birleşigi..

  • Zawodyň ýerleşýän ýeriniň umumy meýdany 2 gektardan gowrak.
  • Önümçilik ugrunyň esasy haryt nyşany: Şweýsariýanyň Tetra Pak kompaniýasy.

Miwe şirelerini öndürýän liniýalar:

  • 0.2 litr Tetra Pak: sagatda 9,000 sany ýa-da ondan köp, gije-gündiz 180,000 sany.
  • 0.5 litr PET çüýşe: sagatda 10,000 sany ýa-da ondan köp, gije-gündiz 200,000 sany.
  • 1.0 litr Tetra Pak: sagatda 7,000 sany ýa-da ondan köp, gije-gündiz 150,000 sany.

Gazlandyrylan içgilerini öndürýän liniýalar:

  • 0.5 litr PET çüýşe: sagatda 24,000 sany ýa-da ondan köp, gije-gündiz 120,000 sany.
  • 1.0 litr PET çüýşe: sagatda 17,000 sany ýa-da ondan köp, gije-gündiz 350,000 sany.
  • 1.5 litr PET çüýşe: sagatda 11,000 sany ýa-da ondan köp, gije-gündiz 250,000 sany.